Glazgoda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde howanyň hapalanmagyny goramak üçin täze teklipleriň birnäçesi orta atyldy, kararlar kabul edildi. Bu maslahatda dünýäniň 13 ýurdy 2040-njy ýyldan başlap ýük ulaglarynyň we awtobuslaryň elektrik energiýasy ýa-da wodorod ýangyçly bolmagy babatda ylalaşdy. Bu ýurtlaryň sanynyň artjakdygy habar berildi. Niderlandlaryň teklibi bilen orta atylan bu başlangyja dürli ugurlarda iş alyp barýan «Unilever», «Volvo», «Scania», UPS, «Amazon» ýaly kompaniýalar hem goşuldy. Ylalaşyga gol çeken ýurtlar geljek ýyllarda daşky gurşawa zeper ýetirmeýän arassa ýangyçdan peýdalanýan ulaglaryň sanyny görnetin artdyrar. Ylalaşygyň çäklerinde 2050-nji ýyla çenli ähli ýük ulaglarynyň arassa ýangyçly bolmagy göz öňünde tutulýar.
Gurbanmyrat Gurbanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.