Beýik britaniýaly arheologlar 125 million ýyl mundan ozal ýaşan dinozawryň galyndylaryny tapdylar. Bu dinozawryň ilkinji galyndylary 1978-nji ýylda tapylypdy. Emma ol galyndylar 40 ýyldan soň doly öwrenilmäge başlandy. Ol galyndylar “Wight” diýlip atlandyrylýan adada ýerleşýän “Dinozawr adasy” muzeýinde saklanyp gelinýärdi. Paleontologlar “Spinosauridae” maşgalasyna degişli bolan bu dinozawryň uzynlygynyň 9 metrdigini, kelleçanagynyň 1 metrdigini aýdýarlar. Mundan başga-da dinozawryň agramy 1 tonna töweregi bolandygy çaklanylýar.

Gazuw-agtaryş işine Londondaky “Tebigat taryhy” muzeýiniň işgäri Jeremi Lokwud dinozawryň otlaryň we agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenendigini belleýär.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.