ABŞ-nyň meşhur “Time” žurnalynyň okyjylary pikirine görä, Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaro ýylyň adamy boldy. Bu barada neşiriň web sahypasynda mälim edilýär.
Bellenilişi ýaly, internet ulanyjylary şu ýylyň iň täsirli şahsyýetini ýa-da toparyny saýlamaly boldular. Netijede, Braziliýanyň baştutany dokuz milliondan gowrak sesiň 24%-ine eýe boldy.
ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 9% ses alyp ikinji orny eýeledi. Ilkinji üçlügiň hataryna şu ýyl koronawirus pandemiýasyna garşy göreşen öňdebaryjy saglyk işgärleri degişlidir. Olar internet ulanyjylaryň 6,3%-i ses berdi.
Ýylyň adamyny “Time” neşiri saýlap, 13-nji dekabrda yglan etjekdigi habar berilýär. 2020-nji ýylda neşiriň awtorlary bu derejäni Jo Baýdene we Kamala Harrise beripdiler.