Türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etdirmek hem-de 2021-nji ýylyň dekabr aýynda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, “Türkmengaz” döwlet konsernine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary we azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini hem-de gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge borçly edildi.