Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 2021-nji ýylyň çempiony belli boldy. 12-nji tapgyrda “Ahalyň” öz meýdançasynda utuk ýitirmeginden soň “Aşgabat” toparyndan 4-0 üstün çykan “Altyn asyr” yzly-yzyna 8-nji çempionlygyny gazandy. “Altyn asyr” toparyna ýeňiş hem-de çempionlyk gazandyran gollary Selim Ataýew (2), Rahman Myratberdiýew (13), Merdan Muhadow (50) hem-de Begençmyrat Myradow (60) geçirdi. Şeýlelikde, “Altyn asyr” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda aratapawudy 7 utuga çykaryp, bassyr 8-nji çempionlygyny baýram etdi. “Altyn asyr” topary çempionlyk gazanmakda öz rekordyny ösdürdi.

12-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Altyn asyr” – “Aşgabat”: 4-0

“Nebitçi” – “Merw”: 0-2

“Ahal” – “Köpetdag”: 2-2

“Energetik” – “Şagadam”: 2-3