24-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halkara maglumat giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň hem-de esasy halkara habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň daşary syýasy edaralary we habar beriş ulgamynda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleri bilen degişli işler geçirilýär.

Bu işleriň netijesinde media ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär.

Halkara habarlar merkeziniň işini üç esasy wezipäni, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmakda, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen, ýakyn goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçylary alyşmak hem agentlikleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işiň dowam etdirilýändigini belledi.

2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň halkara maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin dünýä derejesinde hereket edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerur bolup durýar. Bu babatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça edarasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň hem-de esasy halkara täzelikler agentlikleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.