Ýewropanyň iň uly port şäherlerini birleşdirjek ýerasty geçelge hakykata öwrülýär. Daniýa gurluşyk üçin has köp maýa goýýan bolsa, Germaniýa has köp tehnologiýa bilen üpjün edýär. Ol Ýewropanyň iň uly deňiz porty bolan Kopengagen şäherini Gamburg şäheri bilen birleşdirer.
Şu günki günde Daniýanyň «Femern A/S» kompaniýasy tarapyndan Femarn-Belt geçelgesiniň german böleginiň gurluşygy amala aşyrylýar. Ol Baltika deňzinde 18 kilometrlik Femarn-Belt bogazyndan geçip, Germaniýanyň Femarn (Germaniýa) adasyny Lollan (Daniýa) adasy bilen hemişelik birleşdirip, Gamburg-Kopengagen ugrunyň bir bölegi bolar. Geçelgäniň kömegi bilen häzirki 4 sagat 58 minutyň ýerine, 3 sagat 15 minutda Gamburgdan Kopengagene otly bilen baryp bolar.
Bu taslama 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslamanyň başyny başlaýjylar daniýalylar bolup, çykdajylaryň köp bölegini öz üstüne aldylar. Ýewropanyň iň uly awtoulag we demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Geçelgäniň gurluşyk çykdajylarynyň 8,7 milliard ýewrosyny Daniýa tarapy öz üstüne alýan bolsa, Germaniýa öz gezeginde, bahasy 3,5 milliard ýewro bolan ýol we demir ýol infrastrukturasynyň çykdajylaryny öz üstüne alýar. Dünýäniň iň uzyn suwasty geçelgesiniň gurluşygy 2020-nji ýylyň tomsunda Daniýada başlandy.