Ummanlar alty ýyl bäri temperatura rekordlaryny täzelemegini dowam etdirip, öňküsinden ýylaýar. Alymlar iň soňky maglumatlara esaslanyp, şeýle netijä geldiler. 14 institutyň 23 hünärmeni tarapyndan taýýarlanan iň soňky hasabat 2022-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda «Advances in Atmospheric Sciences» žurnalynda çap edildi. «Ummanlaryň ýylylyk mukdary bütin dünýäde yzygiderli artýar we bu howanyň antropogen üýtgemeginiň esasy görkezijisidir» diýip, Kolorado ştatynyň Milli atmosfera barlag merkeziniň alymy Kewin Trenbert aýtdy.