Seljeriş kompaniýasy «Cirium», uçuşlaryň we howa menzilleriniň işleriniň öz wagtynda berjaý edilişi baradaky 2021-nji ýylyň hasabatynyň netijelerine salgylanyp, takyk işleýän awiakompaniýalaryň sanawyny düzdi. Hünärmenler uçuşlaryň gelşi baradaky iň täze maglumatlar bilen 600-den gowrak çeşmäni derňediler. Uçuş 15 minutdan köp gijä galman ýerine ýetirilen bolsa «berjaý edilen» diýlip hasaplanýar. Maglumatlara esaslanyp, iň takyk işleýän awiakompaniýalaryň sanawy taýýarlandy.
Ýapon awiakompaniýasy «All Nippon Airways» (ANA) dünýäniň iň takyk işleýän awiakompaniýasy hökmünde ykrar edildi. Onuň uçuşlarynyň 95%-i öz wagtynda berjaý edildi. Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň «Delta Air Lines»-i 2021-nji ýylda dünýäniň iň täsirli awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. 2021-nji ýylda içerki gatnawlaryň 97,9%-ini takyk berjaý eden arzan bahaly göterijiler kategoriýasynda Ýaponiýanyň «Solaseed Air» awiakompaniýasy öňdeligi eýeleýär. Ýakyn Gündogar we Afrika kategoriýasynda – «Safair»-iň, uçuşlarynyň 96,4%-i öz wagtynda berjaý edildi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde öňdebaryjy ýapon awiakompaniýalary ANA we JAL öňdebaryjy orny eýeleýärler.
2021-nji ýylda iň takyk işlän awiakompaniýalar: «All Nippon Airways», «Japan Airlines», «Aeroflot», «LATAM Airlines», «Delta Air Lines», KLM, «S7 Airlines», «American Airlines», «United Airlines», «Saudia».
Ispan kompaniýalary «IAG – Vueling» (92,1%), «Iberia Express» (91,8%) we «Iberia» (90,3%) Ýewropanyň iň gowy bäş ornundan üçüsine eýe boldy.
2021-nji ýylda Ýewropadaky iň gowy awiakompaniýalar: «Vueling», «Iberia Express», «Norwegian Air Shuttle», «Aeroflot», «Iberia», «Eurowings», «Austrian» LOT, KLM, ITA S.p.A.
2021-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalar tarapyndan, takmynan, 25 million uçuş amala aşyryldy. Bu 2020-nji ýyldakydan 10% köp, emma 2019-njy ýyldakydan 36% pesdir. Şeýle hem hasabatda uçuşy öz wagtynda amala aşyrýan dünýäniň öňdebaryjy aeroportlarynyň sanawy görkezilýär. Sanawda dünýäde iň takyk işleýän aeroport Tokiodaky «Haneda» halkara howa menzili hasaplanýar. 2021-nji ýylda bu howa menzilinden uçuşlaryň 95,6%-i öz wagtynda berjaý edilipdir.