Pas­port­la­ryň gym­ma­ty­na ba­ha ber­ýän «Hen­ley & Part­ners» hal­ka­ra kon­sal­ting kompaniýasy dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da has tä­sir­li pas­por­ty anyk­la­mak mak­sa­dy bi­len no­bat­da­ky sel­je­ri­şi­ni ge­çir­di. Mun­da pas­por­tuň gym­ma­dy onuň eýe­le­ri­niň sy­ýa­hat et­mä­ge açyk bo­lan ýurt­la­ry­nyň sa­ny bi­len kes­git­le­nil­ýär. Bu sel­je­riş­de Hal­ka­ra ho­wa ýollary bir­le­şi­gi­niň (IATA) mag­lu­mat­la­ry ula­nyl­dy. Onuň ne­ti­je­sin­de, bu tap­gyr­da sy­ýa­hat­çy­nyň şah­sy­ýe­ti­ni ke­pil­len­dir­ýän iň tä­sir­li res­mi­na­manyň Sin­ga­pu­ryň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry­nyň pas­por­ty­dy­gy bel­li bo­lup, onuň eýe­le­ri hiç bir kyn­çy­lyk­syz 192 ýur­da ba­ryp bil­ýän eken­ler. Şeý­le­lik­de, Sin­ga­pu­ryň we Ýa­po­ni­ýa­nyň pas­port­la­ry «Hen­ley & Part­ners» kompaniýasynyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk nuk­daý­na­za­ryn­dan iň naý­ba­şy­sy diý­lip yk­rar edil­di.
Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ikin­ji or­ny Gü­nor­ta Ko­re­ýa Respublikasy eýe­le­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry il­kin­ji bäş­li­ge gir­ýär – Ger­ma­ni­ýa Ko­re­ýa Respublikasy (190 ýurt we se­bit) bi­len bir­lik­de ikin­ji or­ny eýe­le­di. Is­pa­ni­ýa, Ita­li­ýa, Lýuk­sem­burg we Finl­ýan­di­ýa (189 ýurt we se­bit) üçün­ji or­ny, Awst­ri­ýa, Da­ni­ýa, Ni­der­land­lar we Şwe­si­ýa (188 ýurt we se­bit) dör­dün­ji or­ny, Ir­lan­di­ýa we Por­tu­ga­li­ýa (187 ýurt we se­bit) bä­şin­ji or­ny eýe­le­di­ler.
Il­kin­ji on­lu­ga Bel­gi­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Nor­we­gi­ýa, ABŞ, Şweý­sa­ri­ýa (6-njy orun, 186 ýurt we se­bit), Awst­ra­li­ýa, Gre­si­ýa, Ka­na­da, Mal­ta, Çe­hi­ýa (7-nji orun, 185 ýurt we se­bit) Pol­şa, Weng­ri­ýa (8-nji orun, 183 ýurt we se­bit), Lit­wa, Slo­wa­ki­ýa (9-njy orun, 182 ýurt we se­bit), Lat­wi­ýa, Slo­we­ni­ýa we Es­to­ni­ýa (10-njy orun, 181 ýurt we se­bit) ýa­ly ýurt­la­ryň pas­port­la­ry gir­ýär.
Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Rus­si­ýa­nyň ra­ýat­la­ry­nyň pas­por­ty 46-njy or­ny eýe­le­di, bu bol­sa 119 ýur­da wi­za­syz git­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. 2022-nji ýyl üçin ge­çi­ri­len bu bar­lag­lar­da «COVID-19» bi­len bag­la­ny­şyk­ly dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky çäk­len­dir­me­le­riň göz öňün­de tu­tul­man­dy­gy­ bel­le­nil­ýär. «Hen­ley Pass­port In­dex»-iň bar­lag­la­ry Hal­ka­ra ho­wa ýollary bir­le­şi­gi­niň (IATA) mag­lu­mat­la­ry­na esas­la­nyp, 2006-njy ýyl­dan bä­ri her ýyl ge­çi­ril­ýär.