Ame­ri­ka­nyň «Ubiqui­to­us Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-da­ky gök­di­rän­le­ri äpet «Gün fer­ma­la­ry­na» öwür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mu­nuň üçin bi­na­la­ryň pen­ji­re­le­ri Gün ener­gi­ýa­sy­ny elekt­rik to­gu­na öwür­mä­ge ukyp­ly goş­ma­ça gat­lak bi­len ör­tü­ler. Onuň ga­lyň­ly­gy bir­nä­çe na­no­mil­li­metr bo­lup, sim­ler ar­ka­ly tu­tuş ul­ga­my elekt­rik en­jam­la­ry­na bi­rik­di­rer. Bu tas­la­ma üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri eý­ýäm bö­lü­nip be­ril­di. Ma­ýa­dar­lar bu mak­sat­lar üçin 70 mil­li­on dol­lar go­şant goş­du­lar.
Goş­ma­ça ör­tük­li pen­ji­re­le­riň ada­ty pen­ji­re­ler­den 30% gym­mat bol­jak­dy­gy bel­len­di. Ýö­ne ön­dü­ri­ji­ler we ma­ýa­dar­lar glo­bal ma­ýyl­gan­lyk me­se­le­si­ni gys­ga wagt­da çöz­me­giň ze­rur­ly­gy­na ün­si jem­le­ýär­ler. Olar mu­nuň önü­me bo­lan is­le­gi art­dyr­jak­dy­gy­na ynan­ýar­lar.
«Ubiqui­to­us Ener­gy» kompaniýasynyň Gün pa­nel­le­ri­niň hi­lin­de ýe­ne bir kem­çi­lik bo­lup, olar ada­ty bäs­deş­ler­den on­çak­ly öňe saý­la­nyp bil­me­ýär­ler. Ola­ryň tä­si­ri­niň 50% pes­di­gi bel­le­nil­ýär. Mu­nuň se­bä­bi onuň ýer­leş­ýän ýag­da­ýy bo­lup, ke­se ýag­da­ýa ga­ra­nyň­da, Gün şöh­le­le­ri dik ýag­da­ýa az düş­ýär.