Germaniýanyň Hristian-demokratik bileleşiginiň gurultaýy Fridrih Mersiň partiýanyň täze başlygy wezipesine bellenmegini resmi taýdan tassyklady. Dekabr aýynyň ortalarynda HDB-niň agzalarynyň 62%-i onuň dalaşgärligine ses berdi, indi delegatlar bu karary goldaýarlar.
Hristian demokratlarynyň täze lideri ses berişligiň netijelerinden kanagatlanýanygyny aýdyp, partiýa agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. 2018-nji ýylda syýasata gaýdyp gelen Fridrih Mers HDB-niň başlygy wezipesine dalaş etmekde iki gezek – ilki Annegret Kramp-Karrenbauerden, soň bolsa Armin Laşetden asgyn gelipdi.