Şu gün Italiýanyň parlamenti Respublikanyň prezidentini saýlamaga girişer. Kanun boýunça, iki palatanyň agzalary we sebitleriň wekilleri birnäçe gezek ses berýärler. Müňden gowrak saýlawçynyň her biri, öz pikirine görä, döwlet Baştutany bolmaga mynasyp adamyň adyny görkezýär.
Ilkinji üç tapgyrda sesleriň üçden iki bölegini ýa-da ýönekeý köplügi gazanan dalaşgär ýeňiş gazanýar. Bu prosedura laýyklykda, Italiýada geçirilen iň uzyn Prezident saýlawlary 16 tapgyr dowam edipdi.
Italiýanyň metbugaty hatda elektron görnüşinde ses berilmeginiň mümkindigini hem aradan aýyrmaýar – bu şol bir wagtyň özünde býulletenleriň sanalmagyny çaltlaşdyryp biler. Häzirki Premýer-ministr Mario Dragi we öňki hökümet başlygy Silwio Berluskoni prezidentlik bäsleşiginiň öňdebaryjylary diýlip yglan edilipdi. Ýöne Berluskoni ýurduň syýasy agzybirligini saklamak maksady bilen şenbe güni dalaşgärlige hödürlenmekden ýüz öwürdi.