Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) ýyllyk maslahaty koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyllyk arakesmeden soň 22-26-njy maýda Dawosda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, çäräniň ilkibaşda 17-21-nji ýanwar aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilipdi.
Ykdysady forumyň barşynda pandemiýadan saplanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, has gowy iş şertlerini döretmek we dördünji senagat rewolýusiýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
– Soňky iki ýylda bolup geçen ähli wirtual ýygnaklardan soň syýasy liderler, işewürler we raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary ýene-de duşuşarlar – diýip WEF-iň esaslandyryjysy we başlygy Klaus Şwab aýtdy. Ol adamzadyň öňünde durýan meseleleriň çalt çözülmegine goşant goşjak ynam atmosferasyny döretmäge çagyrdy.
WEF Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy bolup, dürli ugurlar boýunça öňdebaryjy telekeçileriň, syýasatçylaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda her ýyl maslahat geçirýär. Mundan ozal Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumyny guraýjylar COVID-19 «omikron» ştammynyň dünýäde ýaýramagy sebäpli ýanwar aýyndaky çäräni ýatyrandyklaryny habar beripdiler.
Dawosda 1971-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Islendik meseläni resmi däl ýagdaýda maslahatlaşmak mümkinçiligi forumyň iň esasy üstünlikleriniň biridir. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň 1000-den gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýarlar.