Go­laý­da ady­ny «Me­ta» di­ýip üýt­ge­den «Facebook» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iň güýç­li komp­ýu­te­ri gur­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. «Facebook», «What­sapp», «Ins­tag­ram» we beý­le­ki bir­nä­çe bren­de eýe­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň su­per­komp­ýu­te­ri eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len iş­lär. «AI Re­se­arch Su­perClus­ter» (RSC) at­ly en­jam hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň çalt 5-nji komp­ýu­te­ri ha­sap­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Mark Su­ker­berg onuň kä­mil­leş­di­ril­jek­di­gi­ni we to­mus aý­la­ryn­da bi­rin­ji or­na çyk­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, kom­pa­ni­ýa­nyň jem­gy­ýet­çi­lik to­ru­nyň gün­de­lik 2,8 mil­liard ula­ny­jy­sy bar. Şeý­le hem bu kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da «Me­ta­wers» at­ly hy­ýa­ly elekt­ron dün­ýä­ni dö­red­ýär. Mu­nuň üçin hem um­ma­syz muk­dar­da mag­lu­ma­ty gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ze­rur­lyk duý­lar. Su­ker­berg hy­ýa­ly dün­ýä­ni dö­ret­mek üçin iň çalt eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­ly su­per­komp­ýu­te­ri gur­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.
Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy beý­nä öý­kü­nip, gys­ga wagt­da köp muk­dar­da mag­lu­ma­ty iş­le­ýär.

Tu­mar IŞAN­GU­LY­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.