Ýeliň ýa-da akymyň täsiri astynda gäminiň ugrunyň gyşarmagyna dreýf diýilýär. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda awtoulagyň ugrunyň yzygiderli üýtgedilip sürülmegi hem bu söz bilen düşündirilýär. Dreýfe bolan gyzyklanma hem artýar. Dreýf sürüjiniň ussatlygyny, ulagyň kuwwatlydygyny hem görkezýär. Ýewgeniý Nowokşonow atly russiýaly “VAZ-2106” ulagy bilen dreýf rekordyny goýdy. 17 sagat 34 minutlyk bu rekord entek Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan tassyklanmady. Häzirki rekord 2018-nji ýylyň başynda BMW M5 ulagy bilen amala aşyrylypdy. BMW ulagy bilen 8 sagatlap drift edilipdi. Şol rekordda 8 sagatda 374 kilometr ýol geçilipdi. Nowokşonowyň rekord synagy “Youtube” arkaly göni efirde görkezildi. Nowokşonow bu rekordyny tassyklatmak üçin rekordlar kitabyna ýüz tutmagy maksat edinýär. Ol ulagyny bu rekordy goýup bilmegi üçin modifikasiýa edipdir. Ulagyň 40 litrlik bagy 200 litre ýetirilipdir. Ähli zatlary taýýar edeninden soňra bolsa, doňan Kaldi kölünde arakesme bermezden 439,8 kilometr ýol geçipdir.