Hy­ta­ýyň ha­ryt­lar­dan do­ly ot­lu­sy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Lon­don şä­he­ri­ne ba­ryp ýet­di. Hy­taý bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky de­mir ­ýol gat­na­wy “Tä­ze Ýü­pek ýo­ly” döw­let tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär we bu ugur­da ýe­ne bir ädim ädil­di.
Ot­ly­nyň sy­ýa­ha­ty 18 gün do­wam et­di. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­na Çyn-Ma­çyn­da ön­dü­ril­ýän egin-eşik­ler­den we beý­le­ki gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan ha­ryt­lar­dan do­ly 34 wa­gon ýük gel­di. Ot­ly Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Be­la­ru­syň, Pol­şa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Fran­si­ýa­nyň üs­tün­den ge­çip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bar­dy.
Şeý­le­lik­de, mun­dan beý­läk her hep­de şu ugur bo­ýun­ça ot­ly gat­na­wy­ny ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy dü­zü­mi ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­gyň ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­ýär. Bu ugur bo­ýun­ça gat­na­dyl­ýan ot­ly gat­na­wy uçar bi­len gat­na­mak­dan 5 es­se ar­zan düşýär. Mun­dan baş­ga-da ot­ly de­ňiz gat­na­wyn­dan has çalt ba­r­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Hy­ta­ýyň gö­nü­den-gö­ni de­mir­ ýol gat­na­wy­ny ýo­la go­ýan 18-nji ýur­du­dyr. Lon­don bol­sa, hy­ta­ýyň ýük ot­lu­la­ry­nyň gat­na­wy­nyň ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nan Ýew­ro­pa­nyň 15-nji paý­tag­ty de­re­je­si­ne eýe bol­dy.
Şeý­le-de Hy­taý ta­ra­py­na hem köp san­ly ot­ly gat­naw­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Me­se­lem, Ger­ma­ni­ýa­dan et önüm­le­ri, Fran­si­ýa­dan ça­kyr önüm­le­ri, Rus­si­ýa­dan agaç­dan ýa­sa­lan önüm­ler ot­ly ar­ka­ly Hy­ta­ýyň ba­za­ry­na el­til­ýär.
Bu ýer­de ugur di­ňe lo­gis­ti­ka ba­ra­da bar­ma­ýar. Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan “Tä­ze Ýü­pek ýo­ly” tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de bu ýo­luň ug­run­da­ky ýurt­lar bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­bat­da yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­ýar. Ýur­duň ylym we teh­ni­ka mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry In Hesz­ýun soň­ky dö­wür­de 49 döw­let bi­len ylym we teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şyk­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­di.
Mun­dan baş­ga-da Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek üçin köp ta­gal­la ed­ýär. Ýur­duň “Zo­lak­lar we ýol­lar” at­ly tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de 3 ýy­lyň do­wa­myn­da öz­leş­di­ri­len ma­ýa go­ýu­myň möç­be­ri 50 mil­liard dol­lar­dan geç­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Si Szin­pin Da­wos­da­ky Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­myň çäk­le­rin­de eden çy­ky­şyn­dan bel­läp geç­di.