Ketrin Rassel 1-nji fewralda BMG-niň Çagalar gaznasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory wezipesine girişdi. Ol bu guramanyň 75 ýyllyk taryhynda ýolbaşçylyk edýän dördünji zenan boldy.
– ÝUNISEF-de işlemek we çagalaryň durmuşyna goşant goşmak meniň üçin uly hormatdyr. Bütin dünýäde millionlarça çaga COVID-19 pandemiýasynyň we beýleki çökgünlikleriň täsirinde ýaşaýarka, ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny we geljegini goramaga tagalla eder – diýip, Ketrin Rassel aýtdy.
Hanym Ketrin Rassel 2020-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ABŞ-nyň hökümetinde Prezidentiň kömekçisi we Ak Tamda Prezidentiň işgärler bölüminiň müdiri bolup işledi. 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde zenanlar meselesi boýunça baş ilçi bolup işledi. Ol bu wezipede aýal-gyzlaryň meselelerini ABŞ-nyň daşary syýasatynyň ähli gurluşlaryna girizip, 45-den gowrak ýurtda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etdi we daşary ýurt hökümetleri, guramalary we raýat jemgyýetleri bilen işleşdi. Hanym Rassel ýetginjek gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini güýçlendirmek boýunça ABŞ-nyň global strategiýasynyň esasy binagäridir.
Hanym Rassel Boston kollejinde filosofiýa boýunça bakalawr derejesini hem-de Jorj Waşington uniwersitetiniň hukuk fakultetinde hukuk ylymlary boýunça doktor derejesini aldy.
Ol jemi 20 müň işgäri bolan ÝUNISEF-iň sekizinji ýerine ýetiriji direktory boldy.