Hy­taý, Wýet­nam, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy we beý­le­ki gün­do­gar ýurt­la­ryn­da Aý se­ne­na­ma­sy­na gö­rä Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy başlandy. Bu baý­ram­çy­lyk di­ňe Azi­ýa ýurt­la­ryn­da däl, eý­sem, dün­ýä­niň beýleki ýurtlarynda hem bel­le­nil­ýär. Gün­do­gar se­ne­na­ma­sy­na gö­rä, Öküz ýy­ly ta­mam­la­nyp, Gap­laň ýy­ly baş­lan­dy.
Bu se­ne­na­ma­ gö­rä bel­le­nil­ýän baý­ram­çy­ly­gyň gü­ni her ýyl üýt­ge­ýär. Şu ýyl 1-nji few­ra­la ga­bat ge­len baý­ram­çy­lyk in­di­ki ýyl 22-nji ýan­war­da bel­le­ni­ler. Gündogar ýurt­lar­ynda tä­ze ýy­lyň gel­me­gi bi­len ba­har baý­ra­my hök­mün­de bel­le­nil­ýän da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­ýär. Bu da­ba­ra­lar ýy­lyň il­kin­ji gü­nün­den baş­lap, 15 gün do­wam ed­ýär we soň­ky gü­ni çy­ra baý­ram­çy­ly­gy bi­len ta­mam­lan­ýar. Hä­zir gün­do­gar se­ne­na­ma­sy­na gö­rä 4720-nji ýyl. Hy­taý­ly­lar mi­la­dy­dan öň, 2637-nji ýyl­da hö­küm­dar Hu­an Di­niň hö­küm sü­ren döw­rün­den bä­ri ýyl ha­sa­by­ny ýö­red­ýär­ler.
Bu se­ne­na­ma­da Tä­ze ýyl 21-nji de­kabr­da bo­lup geç­ýän gyş pas­lyn­dan soň­ky ikin­ji tä­ze aý­da bel­le­nil­ýär. Gri­go­ri­an se­ne­na­ma­syn­da ikin­ji tä­ze aý 21-nji ýan­war­dan 21-nji few­ral ara­ly­gy­na düş­ýär.