Aras­sa­çy­ly­gyň nä­de­re­je äh­mi­ýet­li­di­gi soň­ky ýyl­lar­da has aý­dyň ýü­ze çyk­dy. Yzy­gi­der­li aras­sa­çy­lyk sag­lyk üçin ze­rur ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li öý­ler­de we iş ýer­le­rin­de aras­sa­çy­ly­ga has köp üns be­ril­ýär. Kä­bir zat­lar aras­sa­la­nan­da baş­ga­ça usul­lar­dan peý­da­la­n­ma­ly bol­ýar. My­sal üçin her gün ga­py­la­ryň we pen­ji­re­le­riň to­za­ny­ny sü­pür­mek, ham­ma­my we ha­jat­ha­na­ny ýuw­mak ýe­ter­lik­dir. Aý­ra­tyn üns ta­lap ed­ýän zat­la­ryň bi­ri hem ýum­şak me­bel­ler­dir.
Di­wan we beý­le­ki ýum­şak me­bel­ler aras­sa­la­nan­da to­zan so­ru­jy­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. To­zan so­ru­jy­lar il­ki sa­tyn al­nan wag­ty onuň uju­na da­kyl­ýan in­siz, çot­ga­ly we beýl­eki bö­lek­le­ri bol­ýar. Şol bö­lek­le­ri el­ýe­ter ýer­de goý­ma­ly. Öý aras­sa­la­nan­da, otag­la­ryň bur­çy, ýy­la­dy­jy ba­ta­re­ýa­la­ryň aşa­gy, di­wan­la­ryň burç­la­ry to­zan so­ru­jy­nyň şol bö­lek­le­ri­niň kö­me­gi bi­len aras­sa­lan­ma­ly. Yzy­gi­der­li aras­sa­çy­lyk ýum­şak me­bel­le­re to­za­nyň siň­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Di­wa­ny has düýp­li aras­sa­la­mak üçin agaç we beý­le­ki ga­ty bö­lek­le­ri­ni çyg­ly es­gi ýa-da çot­ga bi­len ýuw­ma­ly. Soň­ra bir ga­ba aras­sa su­wy, ýu­wu­jy se­riş­dä­ni ýa-da ak sa­by­ny gar­ma­ly. Es­gi­ni şol ga­ryn­da çyg­lap di­wa­nyň ýü­zü­ni sü­pür­me­li. Gy­ra­la­ry­ny, epin ýer­le­ri­ni has üns­li aras­sa­la­ma­ly. Di­wa­nyň aýak­la­ry dür­li ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sa­lan bol­sa, ýu­wu­jy se­riş­dä­ni şo­ňa gö­rä saý­la­ma­ly. Ak sa­by­nyň we aras­sa su­wuň ga­ryn­dy­sy bi­len otur­gyç­la­ry aň­sat­lyk bi­len aras­sa­lap bi­ler­si­ňiz. Eger-de di­wa­ny­ňy­zyň üs­tü­ne ör­tük ýa­pyl­ýan bol­sa, ony hep­de-de bir ge­zek ýu­wup dur­ma­gy unut­maň!
De­ri we eme­li de­ri bi­len gap­la­nan di­wan­la­ryň ýü­zün­de çat aç­mak we ýyr­tyl­mak ýa­ly ýag­daý­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Şeý­le ýag­da­ýyň eme­le gel­me­gi­niň öňü­ni al­mak üçin ola­ry aras­sa­la­ny­ňyz­da te­bi­gy önüm­le­ri ulan­ma­ly. Mu­nuň üçin zeý­tun ýa­gy we sir­ke mas­la­hat be­ril­ýär. Bu iki önü­mi pür­küç­li ga­ba gu­ýup, ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Ga­ryn­dy­ny di­wa­ny­ňy­za se­pe­ni­ňiz­den soň, ony çyg­ly ma­ta bi­len aras­sa­la­ma­ly. Teg­mil gal­maz­ly­gy üçin otur­gy­jy gu­ry es­gi bi­len ma­za­ly gu­rat­ma­ly.
Mah­mal otur­gyç­la­ryň gur­lu­şy beý­le­ki di­wan­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Mah­mal di­wan­lar­da hi­mi­ki aras­sa­laý­jy­la­ry aň­sat­lyk bi­len ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Şeý­le hem mah­mal di­wa­ny ýy­ly suw­da ere­ýän ýu­wu­jy ga­ryn­dy­lar bi­len aras­sa­lap bi­ler­si­ňiz. Di­wa­ny­ňy­zy ma­ta we su­wuň kö­me­gi bi­len aras­sa­la­mak is­le­me­ýän bol­sa­ňyz, bu işi ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aras­sa­laý­jy ma­şyn­la­ry saý­lap bi­ler­si­ňiz.