Ermenistanda mart aýynda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň Premýer-ministr Nikol Paşinýan hökümet ýygnagynda habar berdi.
23-nji ýanwarda Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan wezipesinden çekildi. Parlament Sarkisýanyň bu kararyny 1-nji fewralda tassyklady. Häzir Prezidentiň wezipelerini Parlamentiň başlygy Alen Simonýan wagtlaýyn ýerine ýetirýär.
Parlamentiň 65 wekili ýokary tehnologiýaly senagat ministri Waagn Haçaturýany ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, Ermenistanyň Prezidenti Parlament tarapyndan ýedi ýyl möhlete saýlanýar. Saýlawlar täze Prezident üçin boş orun açylandan soň bir aýdan köp gijä galman geçirilýär.
Waagn Haçaturýan 1991-1998-nji ýyllarda Ermenistanyň Prezidenti bolan Lewon Ter-Petrosýanyň syýasy egindeşi hasaplanýar. Ol 1992-1996-njy ýyllarda Ýerewanyň häkimi, 1996-1998-nji ýyllarda Prezidentiň geňeşçisi bolupdy. 2019-2021-nji ýyllar aralygynda “Armeconbank”-yň geňeşiniň agzasydy. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Haçaturýan ýokary tehnologiýaly senagat ministri wezipesine bellendi.