Italiýanyň hökümeti “Covid-19” sanjymyny alanlara çäklendirmeleri gowşatmak kararyna geldi. Bu barada ýurduň hökümet başlygy Mario Dragi ministrler kabinetiniň mejlisinde aýtdy. Premiýer-ministr ýakyn günlerde pandemiýa çäklendirmelerini aýyrmaga degişli senenamanyň mälim ediljekdigini belledi.

Mundan beýläk sanjymyň üçünji dozasyny alanlar ýa-da 2 dozany alandan soňra “Covid-19”-a ýolugyp sagalanlar ähli çäklendirmelerden boşadylarlar. Şeýlelikde çäklendirmeler diňe sanjym almadyklara degişli bolar. Bu adamlara “ýaşyl geçiş” haty berler. Bu haty bolanlar ýurduň içinde islendik ýere gidip bilerler, restoranlara we beýleki köpçülikleýin ähli ýerlere baryp bilerler. Italiýa baran daşary ýurtlulardan hem “ýaşyl geçiş” haty talap ediler.

Ýurtda bilim edaralaryndakylar üçin hem çäklendirmeler gowşadylar. Orta mekdeplerde diňe sanjym almadyk okuwçylar uzak aralykdan okuwyny dowam etdirer. Sanjym alanlar adaty tertipde mekdebe gatnar.

Täze düzgüniň 7-nji fewraldan güýje girjekdigi mälim edildi.

Ýurtda 12 ýaşdan ulularyň 87,8 göterimi iki doza sanjym alypdyr. Geçen ýylyň sentýabrynda bäri üçünji doza alanlaryň sany 33 million 996 müňden geçipdir.