Moskwa uniwersitetiniň lukmançylyk ylmy-barlag merkeziniň professory Andreý Ardaşew kofäniň saglyk üçin ýaramly mukdaryny kesgitledi. Onuň aýtmagyna görä, kofäniň düzüminde himiki serişdeleriň 150 töwereginiň garyndysy bar. Olaryň bolsa öz gezeginde sowuklamanyň möçberini azaldyp, düwnük keseliniň ösmegini çäklendirip bilýändigini bellemek gerek. Şeýle-de, kofäniň kelle beýnisiniň işjeňligine täsir edip, şähdiňi açýandygy we has hyjuwly işlemäge ýardam edýändigi bellidir.

Professoryň aýdyşy ýaly, kofe ýürege däl-de, beýnä agram salýar. Ony az mukdarda (40-dan 300 milligram) içmegiň ýadawlygy azaltmaga we hüşgärligi artdyrmaga ýardam edýändigi ýüze çykarylypdyr. Beýleki önümlerde bolşy ýaly, kofe içilende-de çeniňi-çakyňy bilmek onuň zyýanyny azaldar, peýdasyny köpelder.

Gülälek SÖÝEŞOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.