Häzirki wagtda iň uly kriptowalýuta biržalarynyň biri bolan “Binance” 200 million dollar maýa goýum bilen “Forbes”-iň maýadarlarynyň birine öwrüldi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda “Binance Smart Chain” (BSC)-ni goldamak üçin şereket 1 milliard dollarlyk gazna döredipdi. Habar berlişine görä, maýa goýumlardan soň “Forbes” direktorlar geňeşiniň 9 agzasyndan 2-si “Binance”-e degişli bolar. Netijede, 200 million dollar maýa goýum bilen “Binance” dünýäniň iň meşhur neşirleriň biriniň esasy kararlaryň kabul edilýän geeşinde möhüm orny eýelär.
Ýeri gelende bellesek, 1917-nji ýylda ABŞ-da Stiw Forbes tarapyndan döredilen “Forbes”-iň paýnamalarynyň 95 göterimi 2014-nji ýylda Gonkongda ýerleşýän “Whale Media” kompaniýasyna 475 million dollara satylypdy.
Tyllagözel Garlyýewa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.