Hindistan bir gezek ulanylýan plastikadan doly ýüz öwürmek pikirini goldap, deňiz we deňiz kenarlaryny plastik galyndylardan arassalamak boýunça bütin ýurt boýunça kampaniýa geçirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi habar berdi.

-Ýakynda Hindistan kenarýaka sebitlerini plastik we beýleki galyndylardan arassalamak boýunça tutuş ýurt boýunça kampaniýa başlady. Ýaşlaryň 300 müňüsi tarapyndan jemi 13 tonna golaý plastik galyndylar ýygnaldy. Şeýle hem, deňiz güýçlerimizden kenarýakalarymyzy plastik galyndylardan arassalamak maksady bilen ýardam bermeklerini soradym – diýip, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Fransiýanyň Brest şäherinde geçirilen “Bir umman” sammitinde aýtdy.

Mundan ozal deňiz jandarlarynyň we guşlaryň plastik galyndylar sebäpli ölendigi ýüze çykarylypdy.