Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin 150 milliard ýewro möçberinde Afrika ýurtlaryna Ýewropanyň maýa goýum maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi. Bu barada Brýusselde tamamlanan 6-njy ÝB-AB sammitiniň netijelerinden soň anna güni çap edilen bilelikdäki beýanatda bellenýär.

“Biz maýa goýumlary, saglygy goraýyş we bilim babatda umumy maksatlarymyza itergi berjek 150 milliard ýewrolyk Afrika-Ýewropa maýa goýum maksatnamasynyň döredilendigini habar berýäris” diýlip, resminamada bellenilýär.

Bu maksatnama Ýewropanyň “Global Gateway” maýa goýum strategiýasyndaky ilkinji anyk taslama bolup, ösýän ýurtlara Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýumlarynyň köpelmegini we bu döwletlere edýän täsiriniň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. Bu strategiýa, Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen deňeşdriilýär. Sammitiň çäginde Ýewropa Bileleşigi Afrika ýurtlarynda sanjymlary güýçlendirmek üçin 450 million ýewro çenli maliýe serişdelerini gönükdirmegi wada berdi.

Sammitiň çäginde alty sany Afrika döwletine – Müsüre, Senegala, Tunise, Keniýa, Nigeriýa we Günorta Afrika ýurtlaryna matrisa ribonuklein kislotasyna (mRNA) esaslanýan COVID-19 sanjymlaryny öndürmek üçin tehnologiýalary bermek barada ylalaşyk gazanyldy. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Brýusselde geçirilen metbugat ýygnagynda Afrika ýurtlarynyň 2040-njy ýyla çenli zerur sanjymlaryň 60%-ini öndürmelidigini, häzirki wagtda bolsa diňe 1% öndürýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi we Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy 2021-nji ýylda sanjymlary öndürmek we pes girdejili ýurtlarda sanjymlaryň önümçiligini ösdürmek maksady bilen tehnologiýalary bermek boýunça maksatnamany ýola goýup ugrady. Bu maksatnama diňe bir COVID-19 sanjymlaryny däl, eýsem, beýleki keselleri hem öz içine alýar.