Bir döwürler Arsenalyň ýyldyzlarynyň hatarynda görkezilen angliýaly ýarymgoragçy Jek Wilşer maý aýyndan bäri klubsuz gezip ýördi. Geçen möwsümiň ahyrynda Bornmutdan gaýdan 30 ýaşyndaky futbolçy ahyry klub tapdy. Wilşer Daniýanyň Orhus toparynyň düzümine goşuldy. Ol möwsümiň ahyryna çenli bu toparda kärendesine çykyş eder. Iňlis futbolçy täze klubundan 300 müň ýewro hak alar. Wilşeriň klub tapmagynda bir döwürde Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolan Roý Hojson esasy roly oýnady. Hojson milli ýygyndydaky köne şägirdine uly ýardam berip, ol ozal Kristal Palasda toparyndaka kömekçisi bolan we häzirki wagtda Orhus toparynda-da kömekçi tälimçileriň biri bolup işleýän Deýw Reddington bilen bu mesele barada habarlaşdy. Arsenalyň ýaşlar düzümine futbol başlan Wilşer Bolton, Bornmut toparlarynda kärendesine oýnapdy. 2018-nji ýylda West Hama, 2020-nji ýylda-da Bornmuta geçen Wilşer milli ýygyndyda 34 oýunda 2 gezek tapawutlandy.