Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry – Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

23-nji few­ral­da Le­bap we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da De­mok­ra­tik par­ti­ýa ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär hö­dür­le­nen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow bi­len saý­law­çy­la­ryň du­şu­şy­gy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Le­bap we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy M.Dos­me­dow du­şu­şy­gy açyp, da­laş­gä­riň yna­ny­lan we­ki­li­ne – Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy O.Ço­pa­no­wa söz ber­di. Ol ýyg­na­nan­la­ry Ser­dar Berdimuhamedowyň zäh­met ýo­ly bi­len ta­nyş­dy­ryp, da­laş­gä­riň dür­li ul­gam­lar­da­ky baý iş tej­ri­be­si­ni, ýo­ka­ry hü­när de­re­je­si­ni we gu­ra­ma­çy­lyk uky­by­ny, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki ösü­şi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni, ata Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne we­pa­ly­ly­gy­ny bel­le­di.
Iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gaz­hi­mi­ýa bö­le­gi­niň pu­da­gyň ägirt uly se­riş­de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­gyň ha­sa­by­na top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ni, we­la­ýat­da tä­ze ugur­daş se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­ny gel­je­gi na­zar­la­ýan öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Şeý­le hem ga­dy­my dö­wür­ler­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen se­bi­tiň döw­re­bap ulag ul­ga­my­ny we gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly üns ber­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär se­bi­tiň zäh­met­keş­le­ri­niň go­wa­ça­nyň, bug­da­ýyň we gök ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­dik­le­ri­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, oba­se­na­gat sy­ýa­sa­ty­nyň azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, daý­han bir­le­şik­le­ri­ni gi­ňelt­me­giň we gol­da­ma­gyň, top­lu­myň äh­li dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­me­gi il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Gel­jek­de we­la­ýat­da gaý­ta­dan iş­le­ýän döw­re­bap kär­ha­na­lar gur­lar, eke­ran­çy­la­ryň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­ler gör­ler.
We­la­ýa­tyň ulag ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­ny, tä­ze oba­la­ry, döw­re­bap bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­ny, dür­li dü­züm­le­ýin des­ga­la­ry gur­mak mö­hüm we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Serdar Berdimuhamedow du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ra ho­şal­lyk bil­di­rip, iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan ha­la­tyn­da, ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
* * *
Şol gün Da­şo­guz we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­ler bo­ýun­ça pro­rek­to­ry, pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty Hy­dyr Nun­na­ýe­wiň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Du­şu­şyk­da iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Bu mak­sat­na­ma tä­ze eý­ýam­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­ni do­wam et­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Olar hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dy­ryp, ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň ýo­ka­ry dep­gi­ni­ni üp­jün et­di hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re ýet­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
H.Nun­na­ýew saý­law­çy­la­ryň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty, ne­bit­gaz top­lu­my­ny ös­dür­me­giň ýol­la­ry, ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de oba ila­ty­nyň dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek ba­ra­da­ky so­wal­la­ry­na jo­gap be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan ýag­da­ýyn­da, bil­di­ri­len be­lent yna­my öde­mek üçin äh­li güýç-gaý­ra­ty­ny, bi­lim-tej­ri­be­si­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.

* * *

Bu ýer­de gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Mak­sat­my­rat Öwez­gel­di­ýe­wiň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär ýyg­na­nan­la­ra saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Bu mak­sat­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan döw­let hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ma­ga, dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy we söw­da­ny, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Da­laş­gä­riň mak­sat­na­ma­syn­da se­na­ga­tyň äh­li pu­dak­la­ry­ny, şol san­da hi­mi­ýa we ne­bit­gaz pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek, ne­bi­tiň hem-de ga­zyň çy­ka­ryl­ýan we eks­port edil­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, ki­çi hem-de or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak, dür­li oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak, ila­ty­my­zy eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ba­bat­da çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len bo­lan du­şu­şyk­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry www.zamanturkmenistan.com.tm saý­tyn­dan do­lu­ly­gy­na okap bi­ler­si­ňiz!