UEFA-nyň iň uly klub ýaryşy bolan Çempionlar Ligasynda finalyň salgysy 3-nji gezek üýtgär. UEFA bu ýylky finalyň Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Gazprom Arena stadionynda oýnaljakdygyny ozaldan mälim edipdi. Ýöne sebitde emele gelen ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, finalyň ýeri üýtgediler. Bu barada UEFA habar berýär. Aslynda geçen möwsümiň finaly Sankt-Peterburgda oýnalmalydy. Emma ol ilki Stambula berlip, soňra-da Porto şäherinde oýnaldy.

Şeýlelikde, yzly-yzyna 3-nji möwsümiň finaly ozal bellenilen stadionda oýnalmaz. 2019/20 möwsüminiň finaly ilki Stambuldaky Atatürk stadionynda oýnalmalydy. Ýöne dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli ýaryşyň soňky tapgyrlary merkezileşdirilen görnüşde geçirilip, final oýny çärýekdir ýarym final duşuşyklary bilen bir hatarda Portugaliýanyň paýtagty Lissabondaky Luž stadionynda oýnaldy.

2020/21 möwsüminiň finaly bir möwsüm öňki finalyň geçirilmeli ýerinde, Stambuldaky Atatürk stadionynda oýnalmalydy. Ýöne pandemiýa sebäpli bu finalyň hem ýeri üýtgedilip, çempion ýene-de Portugaliýada, bu gezek Porto şäherindäki Dragao stadionynda belli bolupdy. 2 gezek finaly kabul edip bilmedik Atatürk stadiony bolsa 2022/23 möwsüminiň finalyny guramaly edildi.

Şu möwsümiň finalynyň geçiriljek stadiony gysga wagta belli bolar. Finalyň Londondaky stadionlaryň birinde, ýagny “Wembley”, “Tottenham Hotspur” (Tottenham klubunyň stadiony), ýa-da “London” (West Ham klubunyň stadiony) stadionlarynyň haýsy hem bolsa birinde geçirilmegine garaşylýar.