1-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň bölüm müdiri A.Gulow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berdi. Ol iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, hemmeler tarapyndan sylanýan, dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmazdan ozal, bildirilen ýokary ynam üçin ýygnananlara hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, ata Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyny dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Dalaşgär Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgerendigini belläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk, demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalaryny, şol sanda ýakynda kabul edilen Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam berýän täze kanunlarydyr kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek ýaly wajyp wezipeleriň ileri tutulýan ugurlar boljakdygyny nygtady.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynyň, elektroenergetikanyň, senagatyň, obasenagat toplumynyň, ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, şeýle hem ata Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly üns berler.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge we halkymyzyň saglygyny berkitmäge, şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmegiň hasabyna berkitmäge, ozalkylar ýaly, uly ähmiýet berler diýip B.Gurbanow belledi.

“Döwlet adam üçindir!” şygary astynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryňdyr sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň we beýleki möhüm desgalaryň gurluşygy dowam etdiriler.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň saglygy goraýyş we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, olary iş orunlary bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmek, möhüm taslamalary, şol sanda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky sowallaryna jogap berdi.

B.Gurbanow saýlawçylara netijeli duşuşyk üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Demokratik partiýanyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Ak bugdaý etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy M.Maşadow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy A.Amangeldiýewe söz berdi. Ol saýlawçylary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary ahlak häsiýetli hem-de uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan partiýa işgäri hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär jogapkärli wezipä dalaşgärlige hödürländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de adamlar baradaky aladanyň, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmagyň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galjakdygyny nygtady. Çykyşda türkmen halkynyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň bähbidine ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek birnäçe wezipeler beýan edildi.

M.Ödeşow ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny ösdürmegiň meselesiniň üstünde durup geçip, halkara gatnaşyklarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmaga, döwletimiziň dünýäde we sebitde parahatçylyk döredijilik ornuny berkitmäge ýardam berýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň baş ugur boljakdygyny nygtady.

Dalaşgär ýygnananlara saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, başlanan döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň we esasy pudaklary ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns beriljekdigini belledi.

M.Ödeşow saýlawçylaryň obalary özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir ugurlaryny has aýdyň beýan etdi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, oba hojalygyny özgertmek, çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, ulag, himiýa, dokma, oba hojalygy we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hem gürrüň edildi. Baý milli mirasymyza aýawly garamagyň, hemmetaraplaýyn bilimli, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý, watançy nesli terbiýelemegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

M.Ödeşow netijeli duşuşyk üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň bähbidine biliminidir tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

1-nji martda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölüminiň müdiriniň orunbasary B.Sapargylyjow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berdi. Ol günbatar sebitiň saýlawçylaryny iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

A.Bekmyradow jemgyýetçilik guramalarynda we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda iş tejribesi bolan, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan, ýokary ahlak häsiýetli, gujurly başlangyçlar bilen çykyş edýän hem-de jogapkärçilikli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirildi. Munuň özi A.Bekmyradowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň IV we V çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanylmagyna esas boldy.

Soňra saýlawçylaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. Çykyşda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gysga döwür içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylandygy, ähli ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylandygy hem-de döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylandygy bellenildi. Her bir adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalar, giň gerimli özgertmeler mundan beýläk-de dowam etdiriler.

A.Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etmek bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde, binýatlaýyn pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet beriljekdigini nygtady.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, topragyň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak we dürli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak boýunça maksada gönükdirilen çäreler amala aşyrylar. Iň gowy dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň esasynda ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça işler dowam etdiriler.

Dalaşgäriň çykyşynda ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, sebitlerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň çäklerinde has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, möhüm taslamalary, şol sanda ýaş maşgalalary, köp çagaly maşgalalary, şeýle hem ýaşuly adamlary goldamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek dowam etdiriler.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň mukaddes ýörelgelerine eýerilip, milli demokratiýanyň iň gowy däplerini dowam etdirmek hem-de dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkymyzyň we jemgyýetimiziň bitewüligini, jebisligini gorap saklamak üçin ähli şertler dörediler.

A.Bekmyradow saýlawçylaryň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, halk hojalygy toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmek, ýaş nesli pederlerimiziň ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek baradaky sowallaryna jogap berip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna ýetmek üçin güýjüni gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Soňra bu ýerde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy U.Baýhanow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Balkanabat şäheriniň Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we birleşmesiniň işjeň agzasy H.Hojaýewe söz berdi.

Ynanylan wekil ýygnananlary Watanymyza we halkymyza wepaly, dogruçyl, jogapkärçilikli adam hökmünde tanalýan B.Meredowyň zähmet ýoly, şahsy hem-de işewürlik häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň ähli pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak bu maksatnamanyň esasy ugurlarydyr.

Hususy pudagy ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçilerine maliýeleşdirmekde hemmetaraplaýyn goldaw berler, ýeňillikli karzlary almak, salgytlary azaltmak, täze senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalarydyr enjamlary ulanmak üçin şertler dörediler. Şunuň bilen bir hatarda, möhüm durmuş ulgamlarynyň — bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berler. Durmuş ugurly syýasatyň çäklerinde, ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň we sagaldyş merkezleriniň, beýleki möhüm desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barlar. Döwrebap şäher düzümini ösdürmek bilen birlikde, obalarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berler.

Dalaşgär daşary syýasatyň esasy ugurlary barada aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň pederlerimiziň parahatçylykda we dostlukda ýaşamak baradaky wesýetlerine ygrarly bolup, dünýäniň ähli döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyny hem-de parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki halkara abraýyny has-da belende galdyrjakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwleti tarapyndan başy başlanan we üstünlikli amala aşyrylýan möhüm taslamalara, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn orun degişli bolar.

B.Meredow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, mähriban halkymyzyň abadan we parahatçylykly durmuşyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň girewidir.

Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berip, öz işinde milli demokratiýanyň esasy ýörelgelerine, jemgyýetimiziň bitewüligine hem-de mähriban halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryna daýanjakdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, hususan-da, dürli tebigy baýlyklaryň iri känlerine eýe bolan, geljegi uly günbatar sebitiň ösdürilmegine aýratyn üns beriljekdigi bellenildi. Uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça täze kärhanalary döretmek, deňiz portunyň düzümlerini kämilleşdirmek, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak bu ýerde alnyp baryljak işleriň möhüm ugurlary bolar.

B.Meredow bildiren gyzyklanmalary üçin saýlawçylara hoşallyk sözlerini aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň, onuň parahatçylygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmündäki ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň bähbidine güýjüni aýaman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.