24-26-njy martda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Çäräniň esasy maksady, strategik başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak, durmuşa geçirmek we ýurduň halkara işewür toparlaryna maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, seýle hem ýurtda geljegi uly taslamalary, başlangyçlary we maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen iri daşary ýurt kompaniýalaryny, maýadarlaryny we hyzmatdaşlaryny çekmek ýaly ugurlardan ybaratdyr.
Bu foruma iri daşary ýurt maýa goýumlarynyň, maliýe we ykdysady guramalaryň ýolbaşçylarynyň we ýurduň bazary bilen integrasiýa etmek isleýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň dowamynda ýurtda işewürligi ösdürmek, ulag infrastrukturasy, ýaşyl energiýa, maliýe bazary, şeýle hem syýahatçylyga maýa goýumlaryny çekmek, gurluşyk materiallaryny öndürmek, dokma we deri önümleri, oba hojalygy ýaly meseleler we bu ugurlar üçin ýurtda döredilen şertler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäginde oňa gatnaşyjylar ýurduň Samarkant, Buhara we Hywa ýaly taryhy şäherlerine-de baryp görerler.