9-njy martda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Muhammedow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary hünär derejesini we guramaçylyk ukyplaryny, şeýle hem mugallymçylyk işinde uly tejribesini belledi.

Soňra dalaşgär P.Begenjow çykyş edip, duşuşyga gatnaşyjylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, türkmen halkynyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady. Saýlanyp alnan ugra, türkmen halkynyň beýik ruhy-ahlak we ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam berýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyz mundan beýläk-de işjeň durmuşa geçiriler diýip, P.Begenjow belledi.

Ylmy we bilimi yzygiderli ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleriň, zehinli ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek boýunça meseleler, ozalkysy ýaly, döwletimiziň üns merkezinde bolmagynda galar, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ýaşlarymyzy terbiýelemegiň esasyny düzýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça işler hem amala aşyrylar. Mundan başga-da durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrmak, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan meseleleriň hatarynda galar.

Dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, milli ykdysadyýetiň esasy ugurlaryny, ilkinji nobatda, nebitgaz, energetika pudaklaryny, himiýa senagatyny, ýeňil senagaty, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp geçdi. Bu pudaklaryň depginli ösüşi gönüden-göni halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga hyzmat edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bu işleri amala aşyrmakda ugur görkeziji bolar.

P.Begenjow ýygnananlara hoşallyk bildirip, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin, ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Günüň ikinji ýarymynda şu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy “Türkmengaz” döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň hünärmeni J.Annaşow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol K.Saryýewi başlangyçlar bilen çykyş edýän, işdeşleriniň arasynda sylanylýan sowatly ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyna gyzyklanma bildirendikleri üçin, ýygnananlara hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, medeniýetde uly üstünlikleri gazanandygyny we öz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basandygyny buýsanç bilen belledi.

Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, parahatçylygy we demokratiýanyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunlary kabul etmegi dowam etdireris diýip, dalaşgär nygtady. Bellenilişi ýaly, ýakynda kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokary netijeli ulanmak, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen toplumlaýyn işler amala aşyrylar.

Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek üçin zerur şertler dörediler.

K.Saryýew ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, geljegini, jemgyýetiň ruhy we medeni taýdan baýlaşmagyny kesgitleýän esasy şertleriň biriniň bilimdigini nygtady. Hut şonuň üçin hem bu ulgamy dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetimleriniň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek örän wajypdyr.

Şeýle hem milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän milli önümleriň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatyndan, tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şunda ekologiýany we daşky gurşawy goramaga, bar bolan tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, geljekki nesiller üçin tebigaty gorap saklamaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berler.

“Döwlet adam üçindir!” şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasaty mundan beýläk hem halkymyzyň bähbidine gönükdiriler. K.Saryýew döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmagy hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly özara bähbitli gatnaşyklary giňeldip, “Açyk gapylar” syýasatyny dowam etdirmegi maksat edinýändigini nygtady.

Dalaşgär ýygnananlaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir ugurlary boýunça sowallaryna jogap berip, olary ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagynyň, Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha belende galmagynyň bähbidine ähli güýjüni, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.