UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň 2 duşuşygy ir geçirildi. Sebäbi UEFA-nyň bir şäherde bir günde 2 duşuşyk oýnalmaz diýen düzgüni esasynda Betis-Aýntraht hem-de Porto-Lion duşuşyklary çarşenbe güni oýnaldy. 2 duşuşykda-da myhmançylykda toparlar ýeňiş gazandy.
Çekeleşikli geçen oýunda Betis öz meýdançasynda Aýntrahtdan 2-1 asgyn geldi. 3 gol hem 1-nji ýarymda geçirilip, 14-nji minutda Kostiç hasaby açdy. 30-njy minutda ýer eýeleriniň fransuz ýyldyzy Nabil Fekir hasaby deňledi. Bu goldan 2 minut soň Kamada nemes klubuna ýeňiş getiren futbolçy boldy.
Dragao stadionynda oýnalan duşuşykda Porto hem Liondan 1-0 utuldy. Fransuz toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 59-njy minutda Lukas Paketa geçirdi.
Jogap oýunlary 17-nji martda oýnalar. Şeýle-de, 1/8 finalyň galan 5 duşuşygy şu gije geçiriler. Leipsig-Spartak Moskwa duşuşygy bolsa, rus klubunyň ýaryşdan çykarylmagyndan soň nemes topary gönümel çärýek finala çykdy.