Ze­nan­lar dür­li ugur­lar­da, şol san­da, ýa­zy­jy­lyk äle­min­de hem uly üs­tün­lik­leri ga­zan­ýar­lar. Ola­ryň eser­le­ri bü­tin dün­ýä­de di­ňe bi­r mil­li­on­lar­ça nus­ga­da sa­tyl­man, eý­sem, olaryň esasynda dürli filmler hem ek­ran­laş­dy­­ry­lýar. Ge­çen ýyl­lar­da ki­tap­la­ry iň köp okal­ýan meş­hur ze­nan ýazyjy­la­ryň sa­na­wy­ny si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Jum­pa La­hi­ri. Ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça ben­gal bo­lan meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy, «Pu­lit­ser» baý­ra­gy­nyň eýe­si we «Bu­ker» baý­ra­gy­nyň hem da­laş­gä­ri­dir. Meş­hur eser­le­ri: «At­daş», «Uý­gun­la­şyl­ma­dyk dün­ýä».
Elis Uo­ker. Meş­hur af­roa­me­ri­kan ýa­zy­jysy we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri. Ab­raý­ly «Pu­lit­ser» baý­ra­gy­nyň eýe­si. Bel­li ki­tap­la­ry: «Go­ýy gyr­my­zy reňk», «Ýer­ke­mer».
Maý­ýa En­je­lou. Meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jysy we şa­hy­ry. Ol köp san­ly oçerk­le­riň we şy­gyr­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň aw­to­ry­dyr. Meş­hur ki­tap­la­ry: «Guşuň ka­pa­sa­da nä­me üçin saý­ra­ýan­dy­gy­ny bil­ýä­rin», «Ze­nan kal­by».
Jo­an Rou­ling. 500 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga bi­len ne­şir edi­len Gar­ri Pot­ter ba­ra­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen eser­le­riň aw­to­ry. Iňlis ýazyjysynyň Garri Potter baradaky äh­li eser­le­ri bü­tin dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­zan­dy.
Joýs Ke­rol Outs. Ön­jeý­li iş­le­ýän amerikan awtor­la­rynyň bi­ri­dir. Ýa­zy­jynyň 50-den gow­rak ro­ma­ny ne­şir edi­lip, ola­ryň kä­bi­ri «Pu­lit­ser» baý­ra­gy­na da­laş­gär bol­dy. Bel­li ki­tap­la­ry: «Sa­ry saç­ly ze­nan», «Ýü­rek­le­riň kol­lek­sio­ne­ri», «Ga­ra suw».
Isa­bel Al­ýen­de. Çi­li­li ýa­zy­jy we žur­na­list. Onuň ki­tap­la­ry 35 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga bi­len ne­şir edi­lip, dün­ýä­niň 27 di­li­ne ter­ji­me edil­di. Meş­hur ki­tap­la­ry: «Ýa­po­ni­ýa­ly söý­gü­li», «Ma­ýi­niň gün­de­li­gi», «Pig­mei­le­riň to­ka­ýy».
Ste­fa­ni Ma­ýer. Meş­hur ro­man­la­ryň aw­to­ry bo­lup, onuň ki­tap­la­ry 37 di­le ter­ji­me edil­di we ola­ryň esa­syn­da bir­gi­den film­ler su­ra­ta dü­şü­ril­di. Meş­hur ki­tap­la­ry: «Ala­ga­raň­ky», «Tä­ze do­gan Aý», «Gün tu­tul­ma», «Sä­her», «Myh­man».
To­ni Mor­ri­son. Ýa­zy­jy meş­hur eser­le­ri bi­len No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na, «Pu­lit­ser» baý­­ra­gy­na eýe bol­dy. Meş­hur ki­tap­la­ry: «Söý­gü­li», «Şar-ga­ra ga­rant­gy».
An­na Re­ne Todd. Eser­le­ri iň köp sa­ty­lan amerikan aw­tor­la­rynyň bi­ri bo­lup, «Soň» at­ly ro­ma­ny bi­len meş­hur­lyk ga­zan­dy. Bu eser 30-dan gow­rak di­le ter­ji­me edi­lip, in­ter­net­den millionlarça adam okan bol­sa, 15 mil­li­on nus­ga­da hem ne­şir edil­di.
Eli­za­bet Gil­bert. Meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jysy. «Iý, do­ga et, söý» at­ly ese­ri iň köp sa­ty­lan ki­tap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le-de, ol «Zenanlaryň şäheri» we «Iň soňky romantik» atly ro­manlary bi­len adyk­dy.
Sal­li Ru­ni. Ir­lan­di­ýa­ly ýa­zy­jy ze­nan we sse­na­ri­çi. Ol «Dost­lar bi­len söh­bet­deş­lik» hem-de «Ada­ty adam­lar» ro­man­la­ry bi­len meş­hur­lyk ga­zan­dy. «Ada­ty adam­lar» romany esa­syn­da te­le­se­ri­al su­ra­ta dü­şü­ril­di.