Italiýanyň çempionaty Serie A-da häzirki çempion Inter myhmançylykda Torino bilen 1-1 deňme-deň oýnap, soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. 12-nji minutda Bremeriň goly bilen öňe saýlanan Torinonyň derwezesinden deňlik goluny 90+3-nji minutda oýna soň goşulan Aleksis Sançes geçirdi. Çempionlyk ugrunda zerur bolan 2 utugy ýitiren Inter 59 utuk bilen 1 oýny kem 3-nji ýerde barýar.

2-nji basgasgançakdaky Napoli myhmançylykda Weronany Osimheniň gollary bilen 2-1 ýeňdi. Sanawyň lideri Milan öz meýdançasynda Empolini goragçysy Pier Kalulunyň 19-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, liderligini dowam etdirdi. Öňdebaryjylaryň soňky tapgyrlarda utuk ýitirmegi sebäpli täzeden çempionlyk ýaryşyna goşulan Ýuwentus Alwara Moratanyň 2 gol geçiren oýnunda Sampdoriýadan myhmançylykda 3-1 üstün çykdy. Romadyr Atalanta toparlary bu tapgyry deňlikde tamamladylar.