Britan film, teleýaýlym sungaty akademiýasynyň sylaglary bolan BAFTA baýraklary gowşuryldy. Londondaky “Royal Albert Hall” zalynda geçirilen 75-nji BAFTA baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda Oskaryň hem güýçli dalaşgäri hasaplanýan “Itiň güýji” (The Power of the Dog) filmi iň gowy film diýlip saýlandy. Filmi surata düşüren zenan režissýor Jeýn Kampion iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy. “Şa Riçard” filmindäki keşbi üçin amerikaly belli aktýor Will Smit iň gowy aktýor baýragyna laýyk görüldi. “Söýgüden soň” filminde surata düşen Joanna Skanlan bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda iň gowy aktrisa diýlen ugurda heýkeljigi eýelemegi başardy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna degişlilikde, Troý Kotsur (“CODA: ker ene-atanyň perzendi”) bilen Ariana DeBos (“Westsaýdyň hekaýasy”) mynasyp boldy. “Enkanto” multfilminiň iň gowy animasiýa diýlip saýlanan dabarasynda iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film baýragy ýaponiýaly Riýasuke Hamaguçiniň Meniň ulagymy sür filmine berildi. Ak-gara reňkdäki “Belfast” kinosy-da iň gowy britan filmi diýlip saýlandy.
Kanadaly režissýor Denis Willnýowyň režissýorlyk eden filmi “Dýun” 5 ugurda ýeňiş gazanyp, dabaranyň iň köp baýrakly kinosy boldy. Filmiň kompozitory Hans Zimmer iň gowy saz baýragyny eýeledi. Özboluşly film başga-da tehniki ugurlaryň 4-si boýunça BAFTA heýkeljigini gazandy.
75-nji BAFTA baýraklarynyň ýeňijileri:
Iň gowy film: “Itiň güýji” (The Power of the Dog)
Iň gowy režissýor: Jeýn Kampion – “Itiň güýji” (The Power of the Dog)
Iň gowy aktýor: Will Smit – “Şa Riçard” (King Richard)
Iň gowy aktrisa: Joanna Skanlan – “Söýgüden soň” (After Love)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Troý Kotsur – “CODA: ker ene-atanyň perzendi” (CODA)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Ariana DeBos – “Westsaýdyň hekaýasy” (West Side Story)
Iň gowy asyl ssenariý: Pol Tomas Anderson – “Buýan kökli pizza” (Licorice Pizza)
Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Sian Heder – “CODA: ker ene-atanyň perzendi” (CODA)
Iň gowy animasiýa: “Enkanto” (Encanto)
Iň gowy dokumental film: “Tomusky soul” (Summer of Soul)
Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film: “Meniň ulagymy sür” (Drive My Car) – Ýaponiýa
Iň gowy britan filmi: “Belfast” (Belfast)
Iň gowy kasting: “Westsaýdyň hekaýasy” (West Side Story)
Iň gowy operator: Kreýg Freýzer – “Dýun” (Dune)
Iň gowy grim: “Kruella” (Cruella)
Iň gowy montaž: “Ölmegiň wagty däl” (No Time To Die)
Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Temmi Feýiň gözleri” (The Eyes of Tammy Faye)
Iň gowy saz: Hans Zimmer – “Dýun” (Dune)
Iň gowy çeperçilik bezegi: “Dýun” (Dune)
Iň gowy ses: “Dýun” (Dune)
Iň gowy wizual effektler: “Dýun” (Dune)
Ösüp barýan ýaş ýyldyz: Laşana Linç