UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň oýunlary tamamlanyp, çärýek finala çykan 8 klub belli boldy. 5 topar bilen ýaryşa başlan Ispaniýadan, şol sanda Angliýadan 3, şeýle-de Germaniýadyr Portugaliýadan 1 klub ýaryşy dowam etdirer. Soňky 19 ýylda çärýek finala 2 ýurtdan 3 klub çykyp, soňky sapar 2002/03 möwsüminde Italiýadan hem-de Ispaniýadan 3 topar çärýek finalda oýnapdy. Şol ýyl Italiýanyň 2 kluby finala çykyp, Milan Ýuwentusy penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar edipdi.

67-nji gezek geçirilýän bu ýaryşa 52-nji sapar gatnaşýan Real Madrid 37-nji gezek çärýek finala çykdy. Atletiko Madrid 11-nji gezek iň gowy 8 klubuň arasynda goşulan bolsa, Wilýarreal üçin bu görkeziji 3-e deňdir. Ady agzalan bu 3 klub Ispaniýanyň adyndan wekilçilik edip, ispan toparlary ýaryşyň UEFA Çempionlar Ligasy adyny alanyndan bäri yzly-yzyna 17 möwsüm çärýek finala çykmagy başardylar (rekord).

Soňky ýyllarda ornuny ispanlara aldyran we ony yzyna almaga dyrjaşýan iňlis klublaryndan soňky çempion Çelsi bilen şu möwsümiň çempionlygynyň esasy iki dalaşgär Liwerpul bilen Mançester Siti çärýek finalda çykyş ederler.

Bawariýadyr Benfika bolsa degişlilikde Germaniýanyň hem-de Portugaliýanyň ýaryşdaky ýeke-täk wekilleri bolarlar.

8 toparyň 3-sine kubogy gazanmak başartmady. 5-si bolsa azyndan 2 gezek kubogy eýelemegi başardy.

Çärýek we ýarym finalyň bijeleri ertir çekiler. Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlajak bije çekiliş dabarasy Şweýsariýanyň Nion şäherinde geçiriler. Bije çekilişe klublaryň wekilleri gatnaşarlar.

UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly 28-nji maýda Fransiýanyň paýtagty Parižiň golaýyndaky meşhur Sen-Deni stadionynda oýnalar.