Elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleri öndürýän «Super73» kompaniýasy ilkinji gezek motosikl öndürdi. Amerikan kompaniýasynyň nusgalyk görnüşde öndüren ulagynyň ýokary tizligi sagatda 120 kilometre deň bolar. Şäheriň içinde sürmäge niýetlenen ulag bir gezekki zarýady bilen 160 kilometre çenli ýol geçer. Ulaga 1 sagadyň dowamynda 80 göterime çenli zarýad berip bolýar. Iki tigirli ulagyň önümçiligine 2023-nji ýylyň ahyrynda başlanar.
Enejan TOÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.