F1-iň 73-nji möwsümine badalga berler

Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän awtoulag ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Formula 1 boýunça täze möwsüme şu hepdäniň ahyrynda badalga berler. Şu F1-iň 73-nji möwsümi bolup, jemi 22 bäsleşik guralar. Soçi “Gran Pri” ýaryşy bolsa, emele gelen ýagdaýlar sebäpli sanawdan çykaryldy. Möwsüm 20-nji martda Bahreýnde başlap, 20-nji noýabrda Abu Dabi “Gran Prisi” bilenem tamamlanar. Sanawa täze goşulan ýaryş Maýami “Gran Prisi” bolup, ABŞ-nyň bu şäherinde ilkinji gezek F1 bäsleşigi guralar. Şeýle-de, Awstraliýada, Kanadada, Ýaponiýada hem-de Singapurda pandemiýa sebäpli iki ýyllyk arakesmeden soň täzeden ýaryşlar geçiriler.

Sürüjilerden “Alfa Romeonyň” piloty Guanýu Çžou F1-däki ilkinji hytaýly sürüji bolar. Topara 19 ýyllyk karýerasyny tamamlanan Kimi Raikkoneniň ornuna Waltteri Bottas geçdi. Jorj Rassel bolsa Bottasyň ornuna “Mercedes” toparyna geçip, watandaşy Lýuwis Hamiltonyň topardaşy boldy. “Haas” toparyndan ugradylan russiýaly Nikita Mazepiniň deregine çagyrylan daniýaly Kewin Magnussen täzeden F1-e dolandy.

 

TOPARLAR WE SÜRÜJILERI:

«Alfa Romeo» (Şweýsariýa): Guanýu Çžou (Hytaý), Waltteri Bottas (Finlýandiýa)

«AlphaTauri» (Italiýa): Pier Gasli (Fransiýa), Ýuki Tsunoda (Ýaponiýa)

«Alpine» (Fransiýa): Fernando Alonso (Ispaniýa), Esteban Okon (Fransiýa)

«Aston Martin» (B. Britaniýa): Sebastian Wettel (Germaniýa), Lans Stroll (Kanada)

«Ferrari» (Italiýa): Şarl Lekler (Monako), Karlos Saýns Jr. (Ispaniýa)

«Haas» (ABŞ): Kewin Magnussen (Daniýa), Mik Şumaher (Germaniýa)

«McLaren» (B. Britaniýa): Daniel Rikkiardo (Awstraliýa), Lando Norris (B. Britaniýa)

«Mercedes» (Germaniýa): Lýuwis Hamilton (B. Britaniýa), Jorj Rassell (B. Britaniýa)

«Red Bull» (Awstriýa): Maks Werstappen (Niderlandlar), Serhio Peres (Meksika)

«Williams» (B. Britaniýa): Nikolas Latifi (Kanada), Aleksander Albon (Tailand)

 

 

GRAN PRILER WE GEÇIRILJEK ÝERLERI (GÜNI)

Bahreýn GP                     Bahreýn halkara awtodromy, Sakhir – Bahreýn (20-nji mart)

Saud Arabystany GP      Şäheriň köçeleri, Jidda – Saud Arabystany (27-nji mart)

Awstraliýa GP                 Albert Park awtodromy, Melburn – Awstraliýa (10-njy aprel)

Emilia Roman GP             Imola awtodromy, Imola – Italiýa (24-nji aprel)

Maýami GP                      Maýami halkara awtodromy, Maýami-Florida – ABŞ (8-nji maý)

Ispaniýa GP                      Barselona-Katalunýa awt., Monmelo – Ispaniýa (22-nji maý)

Monako GP                     Şäheriň köçeleri, Monte-Karlo – Monako (29-njy maý

Azerbaýjan GP               Şäheriň köçeleri, Baku – Azerbaýjan (12-nji iýun)

Kanada GP                       Žil Willnýow awtodromy, Monreal – Kanada (19-njy iýun)

Britaniýa GP                     Silwerstoun awtodromy, Silwerstoun – Beýik Britaniýa (3-nji iýul)

Awstriýa GP                     Red Bull Ring awtodromy, Spilberg – Awstriýa (10-njy iýul)

Fransiýa GP                      Pol Rikar awtodromy, Le Kastelle – Fransiýa (24-nji iýul)

Wengriýa GP                   Hungaroring, Budapeşt – Wengriýa (31-nji iýul)

Belgiýa GP                        Spa-Frankorşam, Spa – Belgiýa (28-nji awgust)

Niderlandlar GP               Zandwort awtodromy, Zandwort – Niderlandlar (4-nji sentýabr)

Italiýa GP                          Monza awtodromy, Monza – Italiýa (11-nji sentýabr)

Singapur GP                     Marina Beý awtodromy, Singapur – Singapur (2-nji oktýabr)

Ýaponiýa GP                    Suzuka halkara awtodromy, Suzuka – Ýaponiýa (9-njy oktýabr)

Amerika GP                     Amerik awtodromy, Ostin-Tehas – ABŞ (23-nji oktýabr)

Meksika GP                     Hermanos Rodriges awt., Mehiko – Meksika (30-njy oktýabr)

Sao Paulu GP                   Interlagos awtodromy, Sao Paulu – Braziliýa (13-nji noýabr)

Abu Dabi GP                    Ýas Marina awtodromy, Abu Dabi – BAE (20-nji noýabr)