Düýn dünýäniň dürli ýurtlarynda «Ýer sagady» çäresi geçirildi. Her ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda daşky gurşawy aýawly saklamaga degişli habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän “Ýer sagady” (“Earth hour 60+”) çäresi geçirilýär. Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy (WWF) tarapyndan 2007-nji ýyldan bäri geçirilýän çäräniň çäklerinde dünýäniň iri şäherlerindäki belli binalaryň çyralary bir sagatlygyna öçürilýär. Awstraliýanyň Sidneý şäherinde badalga berilýän çäre her ýurduň ýerli wagty bilen 20:30-21:30 aralygynda geçirilýär. Bu çäräniň çäklerinde diňe belli binalaryň çyralary söndürilmän, eýsem ýaşaýjylar hem goldaw berýär. Käbir belli binalarda uzak wagtlap çyralaryň öçük bolmagy käbir bökdençlikleri döredip biljekdigi sebäpli simwoliki ýagdaýda 5 minutlyk öçürilýär.
«Ýer sagady» çäresi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki tagallalaryň nyşanydyr. Onuň resmi saýtynda bir sagady çyrasyz geçirmegiň ýollary salgy berilýär.