Pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na yg­rar­ly bo­lan ata Wa­ta­ny­myz dur­nuk­ly ösü­şe sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar­la­ryň ýe­ne-de bi­ri ge­lip go­wuş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len şu ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy özü­niň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň 62-si Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň äh­li ag­za ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len bu Ka­rar­na­ma­nyň dö­re­di­ji­le­ri bol­du­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we­lo­si­pe­diň dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa taý­dan iň aras­sa, el­ýe­ter­li we yg­ty­bar­ly ulag gör­nü­şi hök­mün­de giň­den ula­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri­ne ga­ra­nyň­da, ony do­lan­dyr­ma­gyň hem aň­sat­dy­gy­na ün­si çek­di.

Garaşsyz Diýarymyzyň öňe sürýän sport diplomatiýasy dünýäde parahatçylygy we ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilýär. Bu ugurda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýulýar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ýurduň halkara sport hyzmatdaşlygy esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­tap ge­çi­şi ýa­ly, we­lo­si­ped spor­ty spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we gy­zyk­ly gör­nü­şi bol­mak bi­len, ila­tyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da­ky Ka­rar­na­ma­syn­da hem «Dün­ýä­ni öz­gert­mek: «2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­my­nyň Gün ter­ti­bin­de» sport dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bü­tin dün­ýä­de uly ses­len­me dö­re­den «Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk» tag­ly­ma­ty­nyň hem esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri sport ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­li­ge gö­nük­di­ril­ýär. 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň gün­sa­ýyn ös­ýän hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ýe­ne bir gör­ke­zi­ji­si bol­dy.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ömrüň do­wa­mly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­dir­mä­ge, be­den­ter­bi­ýä­niň hem-de spor­tuň ösü­şi­ne döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. We­lo­si­ped Ýer ýü­zün­de eko­lo­gi­ýa taý­dan iň aras­sa, yg­ty­bar­ly ulag bol­mak bi­len, be­den ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýedir. Bu gün­ki gün­de dün­ýä­de ula­gyň bu gör­nü­şin­den halk­lar ta­ra­pyn­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň sag­dyn­ly­gy, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi jem­gy­ýe­tiň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ala­ma­ty­dyr. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty we bu ugur­dan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
We­lo­si­pe­diň hor­ma­ty­na paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp ýe­rin­de «We­lo­si­ped» bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy hem eziz Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň gym­mat­ly baý­lyk­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
Luk­man­lar yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­me­giň sag­ly­ga peý­da­ly­dy­gy­ny, ýü­rek, gan-da­mar ul­ga­my­nyň ber­ke­me­gi­ne tä­sir ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. We­lo­si­ped­li ýö­riş­ler ga­ny kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­ýar, gan aý­la­ny­şy­gy­nyň we öý­ke­niň iş­le­me­gi­niň go­wu­lan­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. We­lo­si­ped­li gez­mek göz­le­ri tür­gen­leş­dir­mek üçin hem örän peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. We­lo­si­ped sü­rüp, yzy­gi­der­li ge­ze­lenç ed­ýän­le­riň be­de­niň ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mä­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýan­dyk­la­ry hem bel­li­dir. Çün­ki we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ler be­de­ni tür­gen­leş­dir­ýär we tap­la­ýar, nerw ul­ga­my­ny ber­ki­dip, pi­kir­le­niş uky­by­ny go­wu­lan­dyr­ýar. We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ler aýa­gyň, eliň, döş we ar­ka ta­rap­la­ryň myş­sa­la­ry­ny tür­gen­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
We­lo­si­ped sür­mek hor­lan­mak üçin hem peý­da­ly­dyr. Çün­ki onuň adam be­de­nin­de ýyg­na­nan ar­tyk­maç ýag­la­ryň ere­me­gi­ne, esa­san hem, bil ara­ly­gyn­da­ky ýag­la­ryň aý­ryl­ma­gy­na tä­si­ri ulu­dyr. Her gün aras­sa ho­wa­da bir sa­gat we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­me­gi en­di­gi­ne öw­ren adam nerw dart­gyn­ly­ly­gyn­dan, uku­syz­lyk­dan, ar­tyk­maç ag­ram­dan kö­sen­me­ýär. Jem­gy­ýe­ti­mi­ze sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň or­naş­dy­ry­lyp, we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek­de taý­syz ta­gal­la­la­ryň edil­me­gi sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ýo­lun­da ädil­ýän ynam­ly ädim­ler­dir.

Gur­ban­my­rat GUL­MY­RA­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.