UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň ýene 2 duşuşygy oýnaldy. Çarşenbe günki oýunlarda-da edil sişenbe günki netijeler hasaba alyndy.

Londonda ýagyşly howada geçen oýunda “Real Madrid” kubogyň soňky eýesi “Çelsini” fransiýaly ýyldyzy Karim Benzemanyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Fransiýaly hüjümçi 21-nji we 24-nji minutlarda kelle urgusy bilen, 46-njy minutda-da derwezeçi Mendiniň gödek ýalňyşlygyndan soň tapawutlanmagy başardy. “Çelsiniň” ýeke-täk goluny 40-njy minutda Kai Hawerts geçirdi. Şeýlelikde, Karim Benzema UÇL-de Ronaldo, Messi we Luiz Adrianodan soň yzly-yzyna 2 duşuşykda het-trik eden 4-nji futbolçy boldy. Gollarynyň sanyny 82-ä ýetiren Benzemanyň 3-nji ýerdäki Lewandowskiden 3 gol az. Ol UÇL-de bir möwsümde 10 gol geçiren ilkinji fransiýaly futbolçy boldy. Benzema UEFA-nyň ýaryşlarynda “Çelsiniň” derwezesinden bir oýunda 3 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Bu onuň UÇL-däki 4-nji het-trigidir.

Jogap oýunlary 12-nji aprelde oýnalar.