Uly hasaply ýeňiş gazanan ildeşlerimiz Aziýa Kubogyna gatnaşar

172

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy şu ýylyň güýzünde Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ildeşlerimiz saýlama tapgyrynyň “A” toparçasynda çykyş edip, duşuşyklaryň ählisi Gyrgyz Respublikasynda geçirildi. Türkmen futzalçylary toparçadaky 3-nji duşuşygynda Maldiwleriň ýygyndysy bilen duşuşyp, 7-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Türkmen futzalçylaryna ynamly ýeňiş getiren gollary Allamyrat Kurbanow, Mülkaman Annagulyýew, Kadyr Berenow, Gurbangeldi Sähedow (2) hem-de Daýanç Garajaýew (2) derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň 1-nji oýunda Gyrgyz Respublikasyny 3-1 ýeňip, 2-nji oýunda Eýrandan 3-0 asgyn gelen ildeşlerimiz utugyny 6-a çykardy. Netijede, 9 utukly Eýrandan soň 2-nji ýeri eýeläp, Kuweýtde geçiriljek final tapgyryna gatnaşmaga ygtyýar aldy. Türkmenistanyň futzal ýygyndysy 7-nji gezek bu ýaryşa gatnaşar. 17-nji Aziýa Kubogy şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriler.