Elektron enjamlaryň esasy şaýlarynyň biri bolan prosessorlary öndürmek ýokary tehnologiýa talap edýär. Şol sebäpli bäsdeş kompaniýalar hem enjamlaryň esasy bölegini satyn almak üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Girdejili haryt bolandygy sebäpli kompaniýalar prosessorlary işläp taýýarlamaga we önümçiligini ýola goýmaga hem aýratyn üns berýärler. Geçen ýyl bu bazarda öňdebaryjy kompaniýalar mälim edildi. Bu bazardan girdeji gazanmakda “Samsung” birinji ýeri eýeläpdir. Geçen ýyl koreý brendi bazaryň 12,3 göterimini eýeläp, bu ugurdan 73,1 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýa mundan ozal 2018-nji ýylda hem birinji bolan eken. “Samsung” diňe prosessor bazarynda däl, eýsem, aragatnaşyk enjamlary bazarynda 24,6 göterim, awtoulag bazarynda 34,6 ösüş gazanypdyr. Ýarymgeçirijileri we prosessorlary öndürmekde birnäçe ýylyň dowamynda öňdeligi eýeläp gelýän “Intel” bolsa ikinji orna düşüpdir. Kompaniýa prosessor bazarynyň 12,2 göterimini eýeläp, 72,5 milliard dollar gazanypdyr. Üçünji ýeri 6,1 göterim paý bilen “SK Hynix”, dördünji orny 4,6 göterim “Qualcomm” eýeläpdir. “Huawei”-iň ýarymgeçijirileri öndürýän “HiSilicon” şereketiniň girdejileri bolsa, 1,5 milliard dollar bolupdyr.

Mekan Annatow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby