Germaniýanyň “Commerzbank” banky kriptopullary almak, satmak we saklamak üçin ygtyýarnama almak üçin ýüz tutdy. Şeýlelikde, Ýewropada ilkinji gezek iri banklaryň biri kriptowalýuty hyzmatyny hödürlär. Merkezi edarasy Frankfurtda ýerleşýän bankyň spikeri “Börsen-Zeitung” gazetine beren beýanatynda Germaniýanyň Banklara gözegçilik edýän edarasyna (BaFin) kriptopul üçin ýüz tutandyklaryny mälim etdi. Bu ygtyýarnamany alandan soňra bank kriptopul alyp satmak işlerine hem dellalçylyk edip biler.
“Commerzbank”-yň 18 million töweregi müşderisi bar. Olaryň 70 müňüsi ýuridiki şahslardyr.
2020-nji ýylyň başynda Germaniýada kriptopul hyzmatyny hödürlemek isleýänlere edaralaryň BaFin-den ygtyýarnama almagy hökmany edilipdi.
“Commerzbank” 2018-nji ýyldan bäri “blokçeýn” tehnologiýasyny kämilleşdirmek bilen meşgullanýar.
Daýanç Hajyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby