“Apple” kompaniýasy öz elektron enjamlarynyň böleklerini şol ugurdan ýöriteleşen kompaniýalara sargyt edýär. Şeýle bolansoň, “iPhone”-laryň dürli bölegini dürli şereketler öndürýär. Amerikan tehnologiýa ägirdi “iPhone 14”-iň adaty nusgasynyň ekranyny öndürmegi üçin Hytaýyň BOE kompaniýasy bilen ylalaşdy. BOE kompaniýasy OLED ekranlaryndan 30-50 million aralygynda öndürer. Bu görkeziji BOE-niň önümçiliginiň 15-25 göterimini emele getirer. BOE diňe ululygy 6,1 dýuýum bolan panelleri öndürer. Has uly “iPhone 14 Max” we “iPhone Pro” smartfonlarynyň ekranlaryny bolsa, LG we “Samsung” kompaniýalary öndürer.
BOE kompaniýasy sargytlaryny wagtynda ýetişdirmek üçin önümçilik desgasyny hem giňelder.
Beghanow Muhammetmyrat, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby