Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän «Uber» kompaniýasy Londonda emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän robotaksi hyzmatyny ýola goýar. Özbaşdak hereket edýän ulaglaryň tehnologiýasy «Wayve» startapy tarapyndan işlenip taýýarlanar. «Uber» Londonda «Wayve»-niň sürüjisiz ulag ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan «Ford Mustang Mach-E» awtoulagy üçin ulanyjylary hasaba alyp başlady. «Wayve» awtonom ulag tehnologiýasyny işläp taýýarlan bolsa, «Uber» ulagyň içki dizaýnyny işläp düzdi. Ulagda müşderiler üçin 64 dilli sensorly ekran oturdylypdyr.
Hyzmatyň geljek aýlarda hödürlenmegine garaşylýar. Müşderiler mobil goşundy arkaly taksileri sargyt edip bilerler, munuň üçin bolsa sürüjili ulaglardan artyk pul tölemezler. Bu ulaglarda ilkibaşda sürüjiniň oturgyjynda bir adam oturar, soňlugy bilen dolulygyna sürüjisiz ulaglar işe giriziler.
PDF









