Fransiýanyň içeri işler ministrligi sesleriň 100 göterimini sanandan soň, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Fransiýanyň häzirki Prezidenti Emmanuel Makronyň 58,55 göterim sese eýe bolandygyny mälim etdi.

Makronyň bäsdeşi, sagçy “Milli bileleşik” partiýasynyň lideri Marin le Pen bolsa, 41,45 göterim sese eýe boldy. Ol fransuzlaryň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Hususan-da, Le Pen özüniň syýasy hereketiniň parlament saýlawlarynda göreşe başlajakdygyny aýtdy.

Ses bermäge gatnaşanlaryň sany 63,23 göterime deň boldy.

Fransiýanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ýurtda 49 million töweregi saýlawçy bar. Saýlawlaryň birinji tapgyry 10-njy aprelde geçirilip, oňa 12 dalaşgär gatnaşypdy. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda häzirki döwlet baştutany 27,84%, Milli birleşigiň lideri – 23,15% ses alypdy.

Fransiýanyň Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy 27-nji aprelde geçirilen ses berişligiň netijelerini gysga wagtdan resmi taýdan yglan eder.