Dünýäniň iň garry zenany 119 ýaşynda aradan çykdy

129

Ýaponiýada 119 ýaşly dünýäniň iň garry zenany aradan çykdy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň iň garry ynsanydy.

Ýaponiýaly Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi. Adamsy we uly ogly Ikinji jahan urşy ýyllarynda aradan çykdy. Ol 2005-nji ýyldan bäri Fukuoka şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýardy. Hemişe ir turýardy, şokolad iýmegi we gazly içgileri içmegi, şeýle-de, rewers we stoluň üstünde oýnalýan oýunlary halaýardy. 120 ýaşamak onuň baş arzuwydy.

Fukuoka prefekturasynyň häkimi Hattori Kane Tanakanyň ölümini eşidip gynanandygyny aýtdy. Ol merhumyň maşgalasyna we ýakynlaryna gynanç bildirdi.