Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan “Microsoft” kompaniýasy dürli ugurlarda iş alyp barýan birnäçe şerekete eýeçilik edýär, köpüsi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa soňky wagtlarda güýmenje pudagyna maýa goýýar. Golaýda “Activision Blizzard” şereketini satyn alan kompaniýa indi bolsa, “Far Cry”, “Assassin’s Creed” we “Watch Dogs” ýaly oýun seriýalaryny döreden “Ubisoft” şereketini satyn almak üçin gepleşikler geçirýär. “Bloomberg” neşiriniň habaryna görä, “Ubisoft”-yň bazar nyrhy 5,2 milliard dollara ýetýär. Bu şereketiň iň köp paýnamasyna – 15 göterimine fransuz Guillemot maşgalasy eýeçilik edýär.
Şeýle hem beýleki kompaniýalaryň hem bu şereketi satyn almaga isleg bildirýändigi mälim edildi.
Golaýda “Ubisoft” öndürýän harytlarynyň görnüşini giňdigine ünsi çekip, bu pudakda ýüze çykyp biljek mümkinçiliklerden peýdalanyp biljekdiklerini mälim edipdi.
Didar Öräýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby